2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-yna Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy sagdynlygyny, olaryň hukuk medeniýetiniň kämilleşdirilmegini üpjün etmek, ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň 2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, mekdebiň talyp ýaşlary bilen, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde talyp ýaşlaryň arasynda Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen, “Abadan ýollar – asuda durmuşyň kepilidir” şygary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ýurdumyzda ýaş nesliň …