“Ykdysadyýetiň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirildi

Image description

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda  Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň XI synp okuwçylarynyň arasynda “Ykdysadyýetiň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde ýaşlary kämil hünärmenler edip  ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini kämilleşdirmek, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, ylym-bilime höweslerini artdyrmak maksady bilen, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň XI synp okuwçylarynyň arasynda “Ykdysadyýetiň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirildi.  Bäsleşige Aşgabat şäheriniň orta mekdeplerinden jemi 74 sany okuwçy gatnaşdy. Bäsleşigiň netijesi boýunça I, II we III orunlary eýelän ýeňijiler kesgitlenildi, degişlilikde  I, II we III derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

I orna mynasyp boldular:

  1. 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Hallyýew Geldimyrat,
  2. 46-njy orta mekdebiň okuwçysy Annaýew Gurbanmyrat,
  3. 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Rejepow Söhbet,
  4. 88-nji orta mekdebiň okuwçysy Hojiýewa Leýli,
  5. 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Rejepow Rahym.

II orna mynasyp boldular:

  1. 69-njy orta mekdebiň okuwçysy Allanazarow Döwletmämmet,
  2. 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Gündogdyýew Orazmyrat,
  3. 144-nji orta mekdebiň okuwçysy Hojagulyýew Muhammetberdi,
  4. 108-nji orta mekdebiň okuwçysy Orazowa Güljemal,
  5. 140-njy orta mekdebiň okuwçysy Mämmäýew Meretmuhammet,
  6. 47-nji orta mekdebiň okuwçysy Mürrikowa Söýli,
  7. 74-nji orta mekdebiň okuwçysy Hazratkulow Sanjar,
  8. 76-njy orta mekdebiň okuwçysy Hanmämmedowa Şirin.

III orna mynasyp boldular:

  1. 58-nji orta mekdebiň okuwçysy Durdyýewa Jennet,
  2. 58-nji orta mekdebiň okuwçysy Baýrammyradowa Güljahan,
  3. 78-nji orta mekdebiň okuwçysy Çaryýewa Göwher,
  4. 98-nji orta mekdebiň okuwçysy Maşaripow Timur,
  5. 109-njy orta mekdebiň okuwçysy Begmyradowa Gülzada
  6. 43-nji orta mekdebiň okuwçysy Akmuhammedow Akmuhammet,
  7. 115-nji orta mekdebiň okuwçysy Kemalow Merdan,
  8. 56-nji orta mekdebiň okuwçysy Berdimyradowa Jeren,
  9. 79-njy orta mekdebiň okuwçysy Gylyçmergenow Ezizmuhammet,
  10. 85-nji orta mekdebiň okuwçysy Hoşgeldiýew Azym,
  11. 132-nji orta mekdebiň okuwçysy Çaryýarowa Züleýha,
  12. 134-nji orta mekdebiň okuwçysy Jumagulyýewa Aýnur.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ykdysadyýetiň esaslary” dersi …

Metbugat gullugy