Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde talyplary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, nazary bilimlerini artdyrmak, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe institutynda Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň hem-de Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Ykdysady nazaryýet” dersi boýunça online görnüşinde geçirilen internet bäsleşigine Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
I orun üç sany (Keýik Öwezdurdyýewa, Söýli Mürrikowa, Aýgül Gurbannnazarowa), II orun bir sany talyp(Aýşa Işangulyýewa), III orna 1 sany talyp (Bagtygül Hudaýberdiýewa) mynasyp boldylar. Mekdebiň talyplar topary toparlaýyn I orna mynasyp boldylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ykdysady nazaryýet” dersi …