Talyp ýaşlar sport ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler

Image description

Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň degişli orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr!” ady bilen “Aşgabat” stadionynda  ylgaw boýunça geçirilen ýaryşa Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Mekdebiň II ýyl talyby Ymammuhammet Taýtyýew “Ýeňil atletika” boýunça oglanlaryň arasynda 100m ylgaw boýunça geçirilen ýaryşda I orna mynasyp boldy.

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Talyp ýaşlar sport …

Metbugat gullugy