Statistika baradaky döwlet komitetiniň işi döwrebaplaşdyrylýar

Image description

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, maglumatlary toplamakda we döretmekde täze usullary hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, döwlet statistikasynyň hyzmatlarynda döwlet edaralarynyň statistiki hasabatlylygyny elektron kabul etmek, şeýle hem maglumatlary ýygnamagyň elektron usulyny, ýagny internet arkaly ýygnamak usulyny girizmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, statistikany ösdürmek boýunça halkara guramalar we daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary bilen tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy dowam etdirmek çäreleri göz öňünde tutulandyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky «Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak» hem-de «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini berkitmek» atly taslama resminamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýörite programma üpjünçiliginiň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu programma üpjünçiligini şu ýylyň 1-nji iýulyndan synaglaýyn esasda, 1-nji oktýabryndan bolsa doly ulanyşa girizmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we statistiki hasabatlylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, bu ugurda programma üpjünçiligini ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Statistika baradaky döwlet …

Metbugat gullugy