Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Milli güni bilen gutlady

Image description

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

 

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, onuň iki halkyň bähbidine yzygiderli kämilleşdiriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tarman Şanmugaratnama we Premýer-ministr Lourens Wonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Singapuryň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Serdar Berdimuhamedow Singapur …

Metbugat gullugy