“Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça “Bilim-bagtyň çyragy” atly bilim bäsleşigi geçirildi

Image description

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat                   maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda                  “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça “Bilim-bagtyň çyragy” atly bilim bäsleşigi geçirildi

 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde ýaşlary kämil hünärmenler edip  ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini kämilleşdirmek, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, ylym-bilime höweslerini artdyrmak maksady bilen, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça “Bilim-bagtyň çyragy” atly bilim bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy. Bäsleşigiň netijesi boýunça I, II we III orunlary eýelän ýeňijiler kesgitlenildi, degişlilikde  I, II we III derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

 

 

I orna mynasyp boldular:

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Selbi Italmazowa;

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Marýam Jelalowa

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Täçnabat Atajanowa

 

II orna mynasyp boldular:

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýgül Hudaýberdiýewa;

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Mähri Haşymowa;

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Umida Abduraimowa;

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Selbi Hudaýbergenowa;

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Mähri Amansähedowa

 

 

III orna mynasyp boldular:

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Bahtygül Çäşemowa;

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby  Akbäbek Öwezowa

Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Annabagt Mämmetorazowa;

Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Haýrat Nurgeldiýewa;

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyby Gözel Hallyýewa;

 Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyby Annagurban Garalyýew;

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyby Sona Jumakulyýewa;

 Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Kümüş Abaşowa.

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sanly ykdysadyýet” dersi …

Metbugat gullugy