Pakistan Yslam Respublikasy bilen ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy – giň mümkinçilikler we öňde goýlan wezipeler

Image description

2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahsan Waganyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşygyň esasy maksady iki ýurduň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini artdyrmaga ýardam etjek mümkinçilikleri hem-de şertleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly we hoşniýetli häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda has hem gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny taraplar buýsanç bilen belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:

“Biz Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe ygrarlydyrys. Asyrlardan gözbaş alýan dost-doganlyk däpleri we özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bu gatnaşyklaryň esasyny düzýär” diýip, jaýdar belläp geçýär.

Türkmenistanyň Bilim ministri hormatly myhmany ýurdumyzda bilimiň hilini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler hem-de milli we halkara derejesinde ýetilen sepgitler barada tanyşdyrdy.

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan resminamalar esasynda häzirki wagtda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy duşuşykda aýdyň deliller bilen häsiýetlendirildi. Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, halkara hyzmatdaşlyk we ýokary bilim edaralarynyň ösüş ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglere girmegi bilen bagly gazanan üstünlikleri nygtaldy.

Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli bilim ulgamynda geçiriljek çärelere pakistan tarapynyň gatnaşmaga çagyrylýandygy nygtaldy.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek «Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyna bu institutyň hyzmatdaşy bolan Pakistanyň COMSATS Uniwersitetiniň wekilleri gatnaşmaga çagyryldy.

Mundan başga-da, şu ýylyň 21-26-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyna pakistanly okuwçylaryň gatnaşmagy barada özara pikiralyşmalar boldy.

Şeýle-de, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Feýsalabad şäherindäki Oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda oba hojalygynyň ykdysadyýeti we maldarçylyk boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak başlangyjy öňe sürüldi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Ilçisi, jenap Ahsan Wagan Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere ýokary baha berip, iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigini belledi. Ilçi öz gezeginde türkmenistanly ýaşlaryň Pakistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bank işi, demir ýol, IT, derman senagaty, dil öwreniş hünärleri boýunça talyp hakly ýerler esasynda bilim almaklary üçin mümkinçilikleriň bardygyny habar berdi. Şeýle-de, Ilçi özüniň diplomat hökmünde toplan tejribesini paýlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin “açyk sapak” bermäge isleg bildirdi.

Şunuň bilen birlikde, Pakistan halkynyň nusgawy şahyry Allama Ykbalyň ömri we döredijiligi barada giňden tanyşdyrmak maksady bilen bilelikde çäreleriň guralmagyny teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, täze taslamalaryň we bilim ugurly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda bilelikde tagalla etjekdiklerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Pakistan Yslam Respublikasy …

Metbugat gullugy