2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-syna Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşuryş dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini, halkymyzyň aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, ýokary döredijilik başarnygy hem-de işjeňligini görkezendigi üçin mekdebiň mugallymy Gülsere Ahmedowa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mugallymymyza Türkmenistanyň Ýaşlar …