«Göreldeli» bilim merkezi 7-nji iýulda robototehnika we IT-programmirleme boýunça tölegsiz synag edip görmek sapaklaryny geçirýändigini habar berýär. Bu çäre 5 — 18 ýaş aralygyndaky çagalara hem-de ýetginjeklere niýetlenendir. Robototehnika boýunça sapaklar ROBBO franşizasy boýunça geçiriler.
5 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar robototehnikanyň we shemotehnikanyň esaslary bilen tanşyp bilerler.
13 — 18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin bolsa öz oýunlaryny ýa-da web sahypalaryny döretmäge mümkinçilik berjek IT-programmirleme boýunça sapaklar geçiriler.
Synag sapaklary ýekşenbe gününe, ýagny 7-nji iýula meýilleşdirildi:
• 13:00-13:45
• 14:00-14:45
• 15:00-15:45
• 16:00-16:45
• 17:00-17:45
• 18:00-18:45
Bilim merkezi ýerleriň sanynyň çäklidigini we sapaklara diňe deslapdan ýazylyp gatnaşyp bolýandygyny ýatladýar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Göreldeli» çagalary we …