“Aşgabat” teleýaýlymyna we “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçylar bellenildi

Image description

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli kararlara gol çekip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” teleýaýlymyna we “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçylary belledi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Aşgabat» teleýaýlymynyň öňki başlygy M.Rejepow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi. «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bolsa S.Begenjow bellenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Ş.Purmämmedowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ý.Kasymowy belledi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Aşgabat” teleýaýlymyna we …

Metbugat gullugy