2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 10-yna Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri dabaralanýar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylandygy şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramaga we olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň güwäsidigi barada çykyşlar diňlenildi. Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň Mejlisler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barada «TV-4 Türkmenistan» teleýaýlymynda berlen wideorolik görkezildi. Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň Mejlisler zalynda «Aşgabat» teleýaýlymy we «Türkmen Owazy» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Aşgabat maliýe-ykdysady orta …