Ykdysadyýet we hojalyk hukugy

Image description

Hünär: 5.37.02.04 Ykdysadyýet we hojalyk hukugy

Kär: Ykdysatçy

Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde “Ykdysadyýet we hojalyk hukugy” hünäri boýunça taýýarlanylýan ykdysatçylaryň wezipelerini hem-de olaryň hünärine bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär.

Kär häsiýetnamasy hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly hünärmenleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerine ugradylyşyny, işe ýerleşdirilişini üpjün etmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hünärlerine laýykdygyny seljermek üçin ulanylmalydyr.

Hünärmeniň wezipesi

Hünärmen öz alan hünärine we kärine laýyklykda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ykdysady-hukuk, guramaçylyk-dolandyryş, seljeriş, umumy ykdysady we ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek, döwlet dolandyryş edaralarynda, biržalarda, gümrük işlerinde we beýleki hojalyk edaralarynda ykdysady-hukuk meselelerini çözmek boýunça işleri alyp barmak üçin taýýarlanylýar.

 Hünärmen döwlet dolandyryş edaralarynda, biržalarda, gümrük işlerinde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlete dahylsyz edaralarda, telekeçilik düzümlerinde orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.

Hünärmene bildirilýän umumy talaplar

Hünärmen ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge çalyşýan şahs bolmalydyr.

Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, terbiýeçilik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.

Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:

  • dolandyryşda ýüze çykýan ykdysady meselelere düşünmek, seljermek we çözmek üçin umumy ykdysady nazaryýetiň esaslaryny;
  • döwlet dolandyryş edaralarynda, önümçilik kärhanalarynda, döwlete dahylsyz kärhanalarda hojalyk işiniň hukuk taýdan kadalaşdyrylyşyny guramagy we amala aşyrmagy;
  • döwlet we halkara hukugynyň esaslaryny;
  • daşary ykdysady işi we bilelikdäki kärhanalaryň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny;
  • umumy we ýörite hünär boýunça göz öňünde tutulan dersleri.

Hünärmen şu aşakdakylary başarmalydyr:

  • Türkmenistanyň Kanstitusiýasynyň, kanunlarynyň, hukuk namalarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň we Kararlarynyň hojalykda ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi;
  • işgärler syýasatynda meýilnamalary düzmegi we olaryň ýerine ýetirilişi gözegçilik etmegi;
  • kärhanadaky ýerine ýetirilmeli umumy işleriň meýilnamalaryny düzmegi;
  • netijeli, ýokary derejeli işi ýöretmek üçin işgärleriň iş bilen üpjünçiligini gazanmagy we gerekli ýollaryny anyklamagy;
  • geljekde işgärleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak babatda çäreleri işläp düzmegi;
  • okuwyň ähli görnüşlerini ulanyp, özüniň syýasy düşünjesini yzygiderli ýokarlandyrmagy;
  • dolandyryş işinde kompýuter tehnologiýasyndan doly peýdalanmagy;
  • milli we daşary ýurt dillerini erkin bilmegi, daşary ýurt dilinden hünäri boýunça peýdalanmagy;
  • döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli bilim derejesini ýokarlandyrmagy;

Kär häsiýetnamasy şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleriniň hökmany suratda göz öňünde tutmaly hem-de işinde ulanmaly resminamadyr. Dolandyryş edaralary bolsa muny durmuş-ykdysady we ylmy-tehnologiýa ösüşiň talaplaryna we öňe gidişligine laýyklykda giň hünärli hünärmenleri okatmaklygy we terbiýeçiligi hemişe kämilleşdirmeklik üçin peýdalanmalydyr.

Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleri hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Häsiýetnama hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralarynyň, hünärmeniň hünär derejesini ýokarlandyrýan edaralaryň okuw meýilnamalaryny düzmekde esasnama we iş ýazgysy bolup hyzmat etmelidir.

Kär häsiýetnamasyna ylmyň gazananlaryna esaslanýan üýtgetmeler we goşmaçalar diňe Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ylalaşmagy esasynda girizilip bilner.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ykdysadyýet we hojalyk …