Hünär: 5.37.02.02 Buhgalterçilik hasaba alnyşy
Kär: Ykdysatçy
Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäri boýunça taýýarlanylýan ykdysatçylaryň wezipelerini hem-de olaryň hünärine bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär.
Kär häsiýetnamasy hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly hünärmenleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerine ugradylyşyny, işe ýerleşdirilişini üpjün etmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hünärlerine laýykdygyny seljermek üçin ulanylmalydyr.
Hünärmeniň wezipesi
Hünärmen alan hünärine we kärine laýyklykda bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hasap, derňew, analiz, dolandyryş işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar.
Hünärmen eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli senagat, söwda, araçy, taýýarlaýyş kärhanalarynda, birleşiklerde, bank, karz, maliýe, býujet we beýleki edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.
Hünärmene bildirilýän umumy talaplar
Hünärmen ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge çalyşýan şahs bolmalydyr.
Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:
Hünärmen şu aşakdakylary başarmalydyr:
Kär häsiýetnamasy şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleriniň hökmany suratda göz öňünde tutmaly hem-de işinde ulanmaly resminamadyr. Dolandyryş edaralary bolsa muny durmuş-ykdysady we ylmy-tehnologiýa ösüşiň talaplaryna we öňe gidişligine laýyklykda giň hünärli hünärmenleri okatmaklygy we terbiýeçiligi hemişe kämilleşdirmeklik üçin peýdalanmalydyr.
Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleri hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Häsiýetnama hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralarynyň, hünärmeniň hünär derejesini ýokarlandyrýan edaralaryň okuw meýil-namalaryny düzmekde esasnama we iş ýazgysy bolup hyzmat etmelidir.
Kär häsiýetnamasyna ylmyň gazananlaryna esaslanýan üýtgetmeler we goşmaçalar diňe Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ylalaşmagy esasynda girizilip bilner.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Buhgalterçilik hasaba alnyşy