2024-nji ýyldan başlap geçirilen çäreler

Image description

2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýynda geçirilen çäreler

2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda her bir işde türkmen halkyny, aýratyn-da, ýaşlary beýik maksatlara ruhlandyrýan Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

  1. 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaşlara wagyz etmek maksady bilen,  “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk, millilik we ahlak meseleleri” atly  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  2. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatnamalaýyn ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda, ýaş nesillerimizi watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek,  ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen, “Peder ýoly – nesillere  dowamat” şygary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi;
  3. 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi, hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda “Akyldar şahyryň edebi mirasy – nesiller üçin milli terbiýe mekdebidir” atly maslahat geçirildi.
  4. 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, zähmete we tebigata bolan söýgüsini artdyrmak, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek,  maksady bilen,  “Ekologiýa abadançylygy–sagdyn durmuşyň kepili” şygary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  5. 2024-nji ýylyň 3-nji fewralynda mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň döwlet sirkinde görkezilen "Türkmen ýigitleri" toparynyň şowhunly çykyşlarynda Teatral-sirk tomaşalary, wäşileriň degişmeleri, howada uçýan gimnastlaryň, darbazlaryň, žonglýorlaryň, akrobatlaryň, gözbagçylaryň we tälim berlen haýwanlaryň çykyşlaryna tomaşa etmeklige gatnaşdylar.
  6. 2024-nji ýylyň 3-nji fewralynda mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkezilen "Demir aýal" atly oýuna tomaşa etmeklige gatnaşdylar.
  7. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda “Magtymguly Pyragy – köňülleriň şahyry” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
  8. 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olarda asyllylyk, edeplilik, birek-birege kömek bermek, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen “Asylly ýörelge ynsanyň görki” diýen at bilen talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  9.  “Watan” radioýaýlymy tarapyndan 2024-nji ýylyň 8-nji fewralynda Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän goşgusyndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen radiogepleşige mekdebimiziň mugallymlary (Ogultäç Sopyýewa, Gülsere Ahmedowa, Selbinyýaz Şeýdyllaýewa - ýaýlyma berildi, 09.02.2024ý., 12.02.2024ý., 16.02.2024ý.) işjeň gatnaşdylar;
  10. 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda Arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmek, möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak we şahsy gigiýena düzgünlerini berjak etmek boýunça hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalary barada talyp ýaşlaryň arasynda giňişleýin gürrüňdeşlik geçirmek, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli ahlak kadalaryny ündemek maksady bilen, “Saglyk jahanyň soltany” diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  11. 2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän goşgusyndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli,  milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen,  “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berilýän “Şöhratly geçmişe syýahat” atly gepleşiginiň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýazgy edilen sanyna mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar(4 sany interwýu – mekdebiň mugallymlary - Gülsere Ahmedowa, Selbinyýaz Şeýdyllaýewa, mekdebiň talyplary -  Selbi Italmazowa, Şeker Meredowa, 20.02.2024ý. “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berildi).
  12. 2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Ýaşlarda asyllylyk, edeplilik, birek-birege kömek bermek, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri kemala getirmek, arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli ahlak kadalaryny ündemek,  milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, “Nesil terbiýesinde ata-enäniň tagallasy” diýen at bilen talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  13. 2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan ugur alyp, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olarda asyllylyk, edeplilik, birek-birege kömek bermek, ahlaklylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen, “Asylly ýörelgeler – terbiýe mekdebi” şygary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  14. 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sportuň küşt we şaşka oýny görnüşleri boýunça Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küş-şaşka mekdebinde geçirilen bäsleşige mekdebiň talyp ýaşlary işjeň  gatnaşdylar.
  15. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen bilelikde 2024-nji ýylyň                   23-nji fewralynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän goşgusyndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Magtymguly pyragy – ähli döwürleriň danasy”  atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.
  16. 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde geçirmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän goşgusyndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, “Magtymguly Pyragynyň şygyrlary - jöwher paýhasyň miwesi” atly aýdym-sazly söhbetdeşlik(mekdebiň mugallymlarynyň çykyşlary – Gülsere Ahmedowa, Selbinyýaz Şeýdyllaýewa, mekdebiň talyplary – Selbi Italmazowanyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň “Gözel sen” atly goşgusy, Merdan Şyhdurdyýewiň aýtmagynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” atly goşgusyna ýazylan aýdym) geçirildi. (“Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi, 27.02.2024ý. 18:04, 29.02.2024ý. 10:00 ýaýlyma berildi).
  17. 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 26-syna Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere we muzeýlere baryp görmekligiň meýilnamasyna laýyklykda mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Seýitjemaletdin ýadygärlik toplumyna hem-de “Milli ak bugdaý” muzeýine baryp gördiler.
  18. 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 26-syna Ýaşlaryň telekeçilik işine höwesini artdyrmak, öz hünärine ukyply ykdysatçylary taýýarlamak, önüm öndürýän hususy kärhanalarda tejribe öwrenmek maksady bilen, “Nesil” kärhanasyna mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary baryp gördiler.
  19. “Watan” radioýaýlymy tarapyndan 2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli geçirilen radiogepleşige mekdebimiziň mugallymlary (Ogultäç Sopyýewa, Gülsere Ahmedowa, Selbinyýaz Şeýdyllaýewa, Şemşat Senebaýewa) işjeň gatnaşdylar.
  20. 2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Baş prokuraturasy we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, el telefonlaryndan, internet ulgamyndan ýerlikli we jogapkärçilikli peýdalanmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde jogapkärçiligini artdyrmak boýunça olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, sagdyn-durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk bozulmalaryny duýdurmak, jenaýatçylygyň öňüni almak hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, “Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlik wesýetleri – ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir” şygary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  21. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 1-ine talyp ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň şöhratly taryhymyza we beýik şahsyýetlerimize hem-de milli mirasymyza we   däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini artdyrmak, şeýle hem ýaş nesliň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň döredijilik ukyplaryny we zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak hem-de gözýetimini giňeltmek maksady bilen Gurbannazar Ezizowyň doglan güni mynasybetli “Güýzüň we ýazyň waspçysy” atly döredijilikli zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň şertleri boýunça ýeňiji topar kesgitlenildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine mekdebiň Hormat haty gowşuryldy.
  22. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 2-sine Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda “Zenan kalby - gözelligiň nusgasy” ady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara Zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
  23. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 2-sine Gahryman Arkadagymyzyň  ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň ähmiýeti barada mekdebiň talyp ýaşlarynyň arasynda “Magtymguly Pyragy – ynsan köňlüniň çyragy” ady bilen mekdebiň halypa mugallymlary we Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  24. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 4-ine Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek,  hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Pyragynyň paýhasy – terbiýäniň gözellik ummany” ady bilen ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
  25. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 5-ine “Watan” radioýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berilýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli geçirilen radiogepleşige mekdebimiziň mugallymlary (Ogultäç Sopyýewa, Gülsere Ahmedowa, Selbinyýaz Şeýdyllaýewa, Şemşat Senebaýewa - ýaýlyma berildi, 05-06-07.03.2024ý. ) işjeň gatnaşdylar;
  26. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 5-ine talyp ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň şöhratly taryhymyza we beýik şahsyýetlerimize hem-de milli mirasymyza we   däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini artdyrmak, Halkara zenanlar gününe bagyşlap “Zenan mertebesi - terbiýe mekdebidir” diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  27. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 6-syna Halkara Zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň görki zenanlar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
  28. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 7-sine Rus dili dersi boýunça halkara derejesinde geçirilen internet bäsleşigine mekdebiň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gatnaşan talyplar şahadatnama bilen, talyplary taýýarlan mugallymlar minnetdarlyk haty bilen sylaglandylar (gatnaşan talyplar - Meňli Meredowa, Kemal Saparow, Maksat Esenow, Aýlara Gulhanowa, Selbi Begelowa, Dünýä Batyrowa, Aýlar Annaýewa, talyplary taýýarlan mugallymlar – Ogultäç Sopyýewa, Begli Allaýarow).
  29. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 9-yna mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň döwlet sirkinde görkezilen “Türkmen ýigitleri” toparynyň şowhunly çykyşlarynda Teatral-sirk tomaşalary, wäşileriň degişmeleri, howada uçýan gimnastlaryň, darbazlaryň, žonglýorlaryň, akrobatlaryň, gözbagçylaryň we tälim berlen haýwanlaryň çykyşlaryna tomaşa etmeklige gatnaşdylar.
  30. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 11-ine ýaşlarda asyllylyk, edeplilik, birek-birege kömek bermek, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri kemala getirmek, arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli ahlak kadalaryny ündemek, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, “Perzent – maşgalanyň guwanjy, jemgyýetiň sütüni, pederleriň dowamaty” ady bilen  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  31. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 12-sine talyp gelin-gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzyň milli ýörelgelerini, halal zähmet terbiýesini, hünar ussatlygyny ýaşlarda ornaşdyrmak maksady bilen “Eneleriň göreldesi - nesilleriň ýörelgesi” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
  32. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 13-ine milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen,  mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Arkadag şä­he­riniň Ta­ryhy we ül­kä­ni öw­re­niş muzeýine “Şöhratly geçmişe syýahat” ady bilen gezelenç gurnadylar. “Arkadag” teleýaýlymy ýazgy edildi (7 sany interwýu – mekdebiň mugallymlary - Gülsere Ahmedowa, Selbinyýaz Şeýdyllaýewa, Şemşat Senebaýewa, mekdebiň talyplary -  Selbi Italmazowa, Şeker Meredowa, Merjen Ramazanowa, Laçyn Karaşowa, 15.03.2024ý. 18:00-da “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berildi). 
  33. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 14-ine Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere we muzeýlere baryp görmekligiň meýilnamasyna laýyklykda mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Seýitjemaletdin ýadygärlik toplumyna hem-de “Milli ak bugdaý” muzeýine baryp gördiler (7 sany interwýu – mekdebiň mugallymlary - Gülsere Ahmedowa, Selbinyýaz Şeýdyllaýewa, Şemşat Senebaýewa, mekdebiň talyplary -  Selbi Italmazowa, Şeker Meredowa, Merjen Ramazanowa, Laçyn Karaşowa). “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy we “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
  34. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 15-ine Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII Spartakiadanyň düzüminde bolan sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryşa mekdebiň talyp gyzlary gatnaşdylar. III orna mynasyp boldular.
  35. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 16-syna Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII Spartakiadanyň düzüminde bolan sportuň tennis görnüşi boýunça “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen ýaryşa mekdebiň talyp oglanlary gatnaşdylar.
  36. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 15-ine Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatynda iş sapary, Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň Ösüş maksatly özgertmeleri – aýdyň geljegiň bagtyýar ýoly ” ady bilen geçirilen maslahata mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar (16 sany talyp gatnaşdy, “Watan” habarlary gepleşigi 15.03.2024ý. 21:00)
  37. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 15-ine Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, mekdebiň halypa mugallymlary we Jemgyýetçilik guramalary tarapyndanMagtymguly Pyragy – agzybirlik we watansöýüjilik mekdebiatly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  38. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 16-syna Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilmegi, ählihalk bag ekmek çäresi mynasybetli mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary mekdebe berkidilen ýerde bag ekmeklige işjeň gatnaşdylar, şeýle hem talyplaryň zähmete we tebigata bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, mekdebiň çäginde daş-töweregi abadanlaşdyryş işleri geçirildi.
  39. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 18-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän “CyberQuest” hakaton bäsleşigine mekdebiň talyp ýaşlary gatnaşdylar (Amandurdyýew Baýsähet, Kulkaşiýew Ahmetýar, Çäşemowa Bahtygül).
  40. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 19-yna talyp ýaşlarda milli ýörelgelere, däp-dessurlara söýgi döretmek, halal zähmet terbiýesini, hünar ussatlygyny ýaşlarda ornaşdyrmak maksady, Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni  mynasybetli “Bereketli türkmen saçagy” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertleri boýunça I, II, III orunlar kesgitlenildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine mekdebiň Hormat haty gowşuryldy we  gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara mekdebiň Minnetdarlyk haty gowşuryldy we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldy.
  41. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 20-sine Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet Çagalar kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni  mynasybetli, talyp ýaşlarymyzy paýhasly pederlerimizden galan asylly däp-dessurlaryň we milli häsiýetleriň esasynda watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň şöhratly taryhymyza we beýik şahsyýetlerimize, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen,  “Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. “Aşgabat” teleýaýlymy we “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. "Watan habarlary" gepleşigi, 20.03.2024ý. “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berildi, 21.03.2024ý., 13:00-da (4 sany interwýu - mekdebiň mugallymlary - Gülsere Ahmedowa, Selbinyýaz Şeýdyllaýewa, mekdebiň talyplary -  Selbi Italmazowa, Laçyn Karaşowa)
  42. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 23-ine Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna, durmuş ýörelgelerine, ruhy we medeni gymmatlyklaryna sarpa goýmak ýörelgelerinden ugur alyp,  “Nesil terbiýesi – Pederleriň paýhasy”  şygary bilen ýaşlaryň ruhy ösüşine ýaramaz täsirini ýetirýän el telefonlaryny ulanmaklarynyň wagtyny hem-de olaryň ünsüni özüne çekýän programmalaryň çäklendirilmeginiň ähmiýeti barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  43. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 26-syna Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatnamalaýyn ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň hem-de ýurdumyzda sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşary ýurt tejribesini özleşdirmek we hünärmenleri taýýarlamak bölüminiň başlygy Berdimyrat Bazarowyň, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň Maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Jumadurdy Söýünowyň, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Tahyr Şallyýewiň, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Ysmaýyl Ýusupowyň, mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary bilen ýaşlaryň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň döredijilik ukyplaryny we zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak, gözýetimini giňeltmek, sanly ulgamda ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň görnüşleri, aýratynlyklary, geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň mümkinçilikleri, maglumat howpsuzlygy babatda talyp ýaşlaryň  sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen, “Bank hyzmatlarynyň giň mümkinçilikleri” atly okuw maslahaty geçirildi.
  44. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine “Watan” radioýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berilýän radiogepleşige mekdebimiziň mugallymlary (Gülsoltan Aşyrowa, Tawus Çaryýewa, Gülkamar Gandymowa) işjeň gatnaşdylar;
  45. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 29-yna Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynyň many-mazmunyny talyp ýaşlara düşündirmek maksady bilen, Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň kämil derejesi” atly wagyz-ündew çäresi geçirildi.
  46. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 1-ine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet Komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sagdynlyk we ruhubelentlik – döwrüň şygary, äleme nusgadyr dana Pyragy»  atly geçirilen ylmy-amaly maslahatyna mekdebiň mugallymlary gatnaşdylar (O.Sopyýewa, G.Ahmedowa, T.Çaryýewa, A.Öwezowa, Ş.Senebaýewa, S.Şeýdyllaýewa).
  47. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 2-sine  ýaşlarda asyllylyk, edeplilik, birek-birege kömek bermek, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri kemala getirmek, arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli ahlak kadalaryny ündemek, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, (Ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda) “Saglyk we bilim sagdyn durmuşymyzyň ähli üstünlikleriniň gözbaşydyr” ady bilen  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
  48. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 3-ine Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy sagdynlygyny, olaryň hukuk medeniýetiniň kämilleşdirilmegini üpjün etmek, ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýokary karyýetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli  Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli ahlak kadalaryny ündemek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, şeýle hem kanunbozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen, “Asylly ýörelgeler – terbiýe mekdebi” şygary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
  49. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 3-ine mekdebiň mugallymlary bilen AR we VR tehnologiýalary, emeli aň we KPI ulgamy boýunça (Ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda) gürrüňdeşlik geçirildi.
  50. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 4-ine ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmagyny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş  ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda “Sagdyn durmuş ýörelgesi”  şygary bilen sportuň Küşt we Şaşka oýny görnüşleri boýunça sport bäsleşigi geçirildi.
  51. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 4-ine “Watan” radioýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen radiogepleşige mekdebimiziň mugallymlary (Gülsoltan Aşyrowa, Tawus Çaryýewa, Gülkamar Gandymowa) işjeň gatnaşdylar.
  52. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 5-ine mekdebiň talyp ýaşlary bilen AR we VR tehnologiýalary, emeli aň we KPI ulgamy boýunça (Ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda) gürrüňdeşlik geçirildi.
  53. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 5-ine Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere we muzeýlere baryp görmekligiň meýilnamasyna laýyklykda mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Seýitjemaletdin ýadygärlik toplumyna hem-de “Milli ak bugdaý” muzeýine baryp gördiler.
  54. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 6-syna ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmagyny, bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş  ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, mekdebiň talyp oglanlarynyň arasynda “Sport  –  kämillige badalga” ady bilen sportuň Woleýbol oýny görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi.
  55. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 6-syna Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilmegi hem-de Saglyk aýy mynasybetli şeýle hem talyp ýaşlaryň zähmete we tebigata bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary mekdebe berkidilen ýerde bag ekmeklige işjeň gatnaşdylar, “Ekologiýa abadançylygy – sagdynlygyň binýady” ady bilen mekdebiň çäginde daş-töweregi abadanlaşdyryş işleri geçirildi.
  56. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 8-ine  Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, mekdebiň halypa mugallymlary we Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynyň ähmiýeti” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
  57. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 11-ine “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda “Sanly ykdysadyýet” ugry boýunça geçirilen online görnüşindäki internet bäsleşigine mekdebiň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. I orun bir sany  talyp(Aýlara Gulhanowa), II orun iki sany talyp(Aýbölek Nuryýewa, Gülbahar Çaryýewa), III orun üç sany talyp (Aýlar Annaýewa, Bibisoltan Orazmuhammedowa, Mährijemal Hojamuhammedowa) mynasyp boldular. Mekdebiň talyplar topary II orna mynasyp boldular.
  58. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 12-sine “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda “Ykdysady nazaryýet” ugry boýunça zehinli talyplary ýüze çykarmak, ykdysadyýetde ýüze çykýan meseleleri seljermek, derňemek we olaryň oňyn çözgüdini tapmak boýunça ukyp-başarnyklary bolan ýaş hünärmenleri ýetişdirmek maksady bilen geçirilen online görnüşindäki internet bäsleşigine mekdebiň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. III orna iki sany talyp (Mähri Amansähedowa, Selbi Italmazowa) mynasyp boldular. Mekdebiň talyplar topary III orna mynasyp boldular.
  59. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 12-sine mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Gurbanguly Berdimuhamedow  adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde döredilen “Kompozitor” atly çeper filme “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde tomaşa etmeklige gatnaşdylar (100 sany talyp, 3 sany mugallym).
  60. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 13-ine Saglyk aýy mynasybetli şeýle hem talyp ýaşlaryň zähmete we tebigata bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan “Ekologiýa abadançylygy – sagdynlygyň binýady” ady bilen mekdebe berkidilen ýerde we mekdebiň çäginde daş-töweregi abadanlaşdyryş işleri geçirildi.
  61. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 13-ine mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Gurbanguly Berdimuhamedow  adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde döredilen “Kompozitor” atly çeper filme “Watan” kinokonsert merkezinde tomaşa etmeklige gatnaşdylar (90 sany talyp, 3 sany mugallym).
  62. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 14-ine mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Gurbanguly Berdimuhamedow  adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde döredilen “Kompozitor” atly çeper filme “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde tomaşa etmeklige gatnaşdylar (100 sany talyp, 3 sany mugallym).
  63. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ine  Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatnamalaýyn ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň hem-de ýurdumyzda sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary bilen ýaşlaryň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň döredijilik ukyplaryny we zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak, gözýetimini giňeltmek, sanly ulgamda ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň görnüşleri, aýratynlyklary, geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň mümkinçilikleri, maglumat howpsuzlygy babatda talyp ýaşlaryň  sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda “Bank hyzmatlarynyň giň mümkinçilikleri” atly okuw maslahaty geçirildi, gezelenç gurnaldy. “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi (6 sany interwýu – mekdebiň mugallymlary - Gülsere Ahmedowa, Selbinyýaz Şeýdyllaýewa, Şemşat Senebaýewa, Aýgözel Öwezowa, mekdebiň talyplary -  Selbi Italmazowa, Oguljemal Baýmuhammedowa, 19.04.2024ý. 17:30-da “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berildi). 
  64. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 16-syna  ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmagyny, bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş  ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen (Ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda) “Saglyk isleseň – köp iýme, hormat isleseň – köp diýme” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
  65. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 17-sine  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy sagdynlygyny, olaryň hukuk medeniýetiniň kämilleşdirilmegini üpjün etmek, ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek ýörelgelerinden ugur alyp, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen, (Ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda) “Peder paýhasy – terbiýeçilik mekdebidir” ady bilen  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
  66. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 20-sine Jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy, dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen bölegine bäş sany halkara güwanama gowşurylmagy mynasybetli  “Bagtyýar durmuş – durnukly ösüş” ady bilen geçirilen maslahata mekdebiň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar(4 talyp, Baýram Rahmedow, Baýsähet Amanmyradow, Gülşirin Togalakowa, Selbi Italmazowa).
  67. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 20-sine Saglyk aýy mynasybetli şeýle hem talyp ýaşlaryň zähmete we tebigata bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan “Ekologiýa abadançylygy – sagdynlygyň binýady” ady bilen mekdebe berkidilen ýerde we mekdebiň çäginde daş-töweregi abadanlaşdyryş işleri geçirildi.
  68. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 22-sine Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere we muzeýlere baryp görmekligiň meýilnamasyna laýyklykda mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Seýitjemaletdin ýadygärlik toplumyna hem-de “Milli ak bugdaý” muzeýine baryp gördiler.
  69. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 22-23-ine ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmagyny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen (Ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda), “Türkmenistanyň – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII Spartakiadasynyň çäginde orta hünär okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda “Sport – sagdynlyk we ruhubelentlikdir” ady bilen sportuň Basketbol oýny görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi. Mekdebiň ýygyndy topary III orna mynasyp boldy.
  70. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 23-ine Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen, “Pyragynyň paýhasy – terbiýäniň gözellik ummany” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
  71. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ine  Ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen, (Ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda) “Zemin zynaty zenan” ady bilen  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: 2024-nji ýyldan başlap …