Biz barada

Image description

TERBIÝEÇILIK IŞLERI

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleri paýhasly pederlerimiziň pentlerine salgylanyp, ata babalarymyzdan gelyän milli däp-dessurlarymyzyň we edep-kadalarymyzyň ruhunda terbiýelemek ýörelgelerinden ugur alyp, talyplarda    watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularyny oýarmak maksady bilen dürli çykyşlar her hepdäniň şenbe güni, şeyle hem ýaşuly nesliň wekilleriniň, tejribeli lukmanlaryň, pedagoglaryň, hukuk  goraýjy edaralaryň işgärleriniň  gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäreleri talyp ýaşlar bilen yzygiderli geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, ruhy we beden saglygyny goramak, sporty we beden terbiýäni ösdürmek maksatnamalaryndan ugur alyp, mekdebimiziň çäginde we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportyň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar mekdepde hereket edýän "Rowaç" toparynyň gatnaşmagynda geçirilýär hem-de talyplaryň "Saglyk ýolyna" ýörişleri yzygiderli gurnalýar.

Şeýle hem, mekdebe bölünip berlen meýdanda ekilen hem-de mekdebiň töwereginde oturdylan bag nahallaryna ideg etmek işleri, arassaçylyk çäreleri, ýowarlar yzygiderli geçirilýär. 

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda şanly seneler bilen baglanyşykly baýramçylyk çärelerine mekdebiň talyplary we mugallymlary işjeň gatnaşýarlar, hormatly Prezidentimiziň Berkarar eden Türkmenistan Watanymyzyň bagtyyarlyk eýýamynda talyp yaşlaryň başarnykly hünarmenler bolup ýetişmekleri bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhyny we medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen, talyp ýaşlarymyzyň medeniyet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, şeyle hem, teatrlara, muzeylere, sergilere gezelenç çäreleri hem yzygiderli gurnalýar.

OKUW IŞLERI

Berkarar döwletimiziň bagtyyarlyk eýýamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşgylygynda osüp gelýän ýaş nesillerimize dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek, olaryň okamaga, öwrenmäge bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, şeyle hem ykdysadyyetimiziň dürli pudaklary üçin kämil ýörite orta bilimli hünärmenleri taýýarlamak işini yola goýmak möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2011 -nji ýylda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi döredildi we ol hünär taýýarlygynyň "Buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş", "Döwlet býujeti", "Maliýe we karz" hem-de "Atiyaçlandyryş işi" ugurlary boýunça ilkinji talyplaryny kabul etdi.

Häzirki wagtda ykdysady taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda ýörite orta bilimli hünärmenleriň zerurlygyny nazara alyp, hünär taýýarlygynyň täze "Buhgalterçilik hasaba alnyşy", "Maliýe we karz", "Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş", "Salgytlar we salgyt salmak", "Ykdysadyýet we hojalyk hukugy", "Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary" ugurlary hem açyldy. Mekdebimizde okuwyň dowamlylygy iki yyl, tolegli.

Mekdebiň okuw meýilnamalaryna laýyklykda hünär taýýarlygynyň ugurlary boýunça talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin oňyn okuw we iş şertleri döredildi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yzygiderli ýardam bermegi bilen, okuw otaglary zerur okuw-tehniki enjamlary we okuw mebelleri bilen üpjün edildi.
Mekdepde talyplara berilýän nazary, umumy we ýörite hünär bilimleriniň amaly taýdan çuňňur özleşdirilmegini gazanmak üçin okatmaklygyň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen okuw otaglary hereket edýär.

Mekdebiň mugallymlarynyň okadýan sapaklarynyň beýany kagyz we elektron görnüşinde kitaphanada saklanýar. Kitaphanada talyplaryň we mugallymlaryň gündelik okuwlaryna göwnejaý taýýarlanmaklary, okuw kitaplary we gollanmalary bilen özbaşdak peydalanmaklary üçin ähli şertler döredildi.

YLMY USULYÝET IŞLERI

Mekdebimiziň mugallymlary we talyplary Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň derwaýys meseleleri barada özleriniň makalalaryny ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda çap edip durýarlar hem-de "Ýaşlyk" we "Miras" teleýaýlymlarynda yzygiderli çykyş edýärler. Mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary mekdepde hem-de döwlet derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, ders bäsleşiklerine, duşuşyklara, söhbetdeşliklere yzygiderli we işjeň gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň pudaklaryndan ýokary derejeli hünärmenler we tejribeli ykdysatçylar bilen duşuşyklaryň gurnalmagy, mekdebiň talyp ýaşlarynyň maliýe-ykdysady meseleler boýunça özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap almaklyga uly mümkinçilik döredýär.

Mekdebiň talyplarynyň hünär taýýarlygynyň ugurlary boyunça nazary okuwlarynda alan bilimlerini çuňňur öwrenmek we berkitmek maksady bilen, olar ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň pudaklaryna hem-de döwlet pudak edaralaryna önumçilik tejribeligini geçmekleri üçin ugradylýar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Biz barada